Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ruhy hassahanada 38 adam heläk boldy


Ot alan ruhy kesellileriň hassahanasy, Ramenskoýe, 26-njy aprel, 2013.
Ot alan ruhy kesellileriň hassahanasy, Ramenskoýe, 26-njy aprel, 2013.
Orsýetiň Adatdan daşary ministrligi Moskwanyň daşynda ýerleşýän ruhy kesellileriň hassahanasynyň ot alyp, 38 adamyň, şol sanda iki sany medisina işgäriniň hem heläk bolandygyny habar berdi.

Moskwa regionynyň Ramenskoýe şäheriniň nomer 14-nji keselhanasynda dörän bu ýangyn hepdäniň anna güni irden başlandy. Habar berlişine görä, agaçdan gurlan binanyň içinde ýangyn tiz ýaýrapdyr.

Moskwa oblastynyň gubernatory wezipesini ýerine ýetirýän Andreý Worobýowyň Orsýet telewideniýesine aýtmagyna görä, ýangyn daňdan sagat iki bilen üçüň aralygynda başlanypdyr.

Adatdan daşary ministrlik bu ýangynda üç adamyň, ýagny iki hassanyň we bir şepagat uýasynyň diri galandygyny habar berdi.

Köprüde bejeriş işleriniň geçirilýändigi sebäpli, ýangyn söndürijier ýolda 20 minut eglenip, soňra ýangyn bolan ýere barypdyrlar.

Ilkinji netijeler

Derňew komitetiniň ýerli bölüminiň metbugat wekili Irina Gumennaýa bu pajygaly waka boýunça derňewiň dowam edýändigini aýtdy.

“Häzirki wagtda ýangynyň birnäçe sebäpleri derňelýär. Ilkinji nobatda-da ýangyn meselesindäki geleňsizligiň, şeýle-de elektrik simlerindäki kemçilikleriň ýangyna sebäp bolandyr diýlip, çak edilýär. Ilkinji netijelere görä, ýangyn keselhananyň korpuslarynyň birinden başlanypdyr” diýip, Irina Gumennaýa gürrüň berýär.

Worobýew žurnalistleri we jemgyýetçiligi howlukmaç netije çykarmakdan saklanmaga we derňewler geçirilýänçä garaşmaga çagyrdy.

Ol prezident Wladimir Putiniň heläk bolanlaryň maşgalalaryna pul kömeginiň berilmegini tabşyrandygyny aýtdy. Ýangynda heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna 16 müň dollara, diri galanlara bolsa 4,800 amerikan dollaryna barabar pul kömegi berler.

Informasion agentlikler ýangyn bilen baglylykda jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdiler.

“Açyklygyň” ýetmezçiligi

Birinji gatynyň aýnalary demir gözenekler bilen baglanan bu binanyň içinde heläk bolanlaryň köpüsiniň ýanyp ölendigi habar berilýär.

“Interfaks” agentliginiň maglumatynda hassalaryň ýangyn başlananda oýanmanlygynyň sebäbi olaryň uky dermanlaryň täsiri astynda bolanlygyndandyr diýlip çaklanylýar.

Orsýetiň adam hukuklary boýunça wekili Wladimir Lukin bu pajygaly wakanyň Orsýetde ruhy keselleriň hassahanalarynyň jemgyýetçilik üçin has açyk bolmalydygyny görkezýändigini belledi.

Saglyk ministrligi 1-nji iýuna çenli şeýle hassahanalaryň ählisinde ýangyn howpsuzlygy boýunça şertleriň barlanmagyny tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG