Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň şäheri azat edildi


Anna güni Yragyň resmileri ýurduň demirgazygyndaky Suleýman Beýk şäherindäki kontrollygy hökümet güýçleriniň öz ellerine geçirendiklerini mälim etdiler.

Şu hepde ýaragly söweşijiler bu şäherde öz kontrollyklaryny ornaşdyrypdylar.

Emma Yragyň polisiýa resmileri ýerli taýpa liderleri bilen gelnen soňky ylalaşyklaryň netijesinde ýaragly söweşijileriň bu şäheri terk etmäge razy bolandyklaryny we anna güni irden şähere hökümet güýçleriniň girendiklerini habar berdiler.

Soňky günler Yragyň demirgazygyndaky we günbatar regionyndaky birnäçe ilatly punktlarynda ýaragly toparlar bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan atyşyklarda 150-den gowrak adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG