Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dakka: Ýumrulyşyk boýunça çäre görüljek


Şenbe güni Bangladeşiň premýer-ministri Şeýh Hasina hepdäniň çarşenbe güni öz-özünden ýumrulan tikin fabriginiň binasynyň eýeleriniň tussag edilmegine görkezme berdi.

Çarşenbe güni Bangladeşiň Sawar şäherinde öz-özünden ýumrulan bu fabrigiň harabalyklarynyň astyndan şu günki güne çenli 324 adamyň jesedi çykaryldy.

Ýöne gözleg-halas ediş işleriniň barşynda ölenleriň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar.

Bangladeşiň resmileri bu wakanyň bolan wagty bu fabrigiň binasynyň içinde üç müň töweregi adamyň bolandygyny we köp adamlardan henizem habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG