Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Zäherli bukjalaryň “eýesi” tapyldy


Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ýakynda prezident Barak Obama we käbir resmilere poçta bukjasy arkaly zäherli madda ýollamakda güman bildirilýän raýatyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Bu wakalarda aýyplanýan Missisipi ştatynyň 41 ýaşly ýaşaýjysy Jeýms Ewerett Datçke şenbe güni tussag edildi.

Ýakynda prezident Barak Obamanyň, missisipili senator Rojer Wikeriň we missisipili sudýa Sadie Hollandyň adyna ýollanan poçta bukjalaryndan adam organizmi üçin howply risin maddasy tapylypdy.

Poçta bukjalary bu resmileriň özlerine ýetmänkä, ondaky zäherli madda barlag edaralarynda ýüze çykarylypdy. Bukjalary ýollamakda aýyplanýan Jeýms Ewerett Datçkeniň bu hereketiniň anyk matlaplary barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Bu işde günäli tapylan halatynda, bu amerikan raýatyna ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG