Sepleriň elýeterliligi

Sarnaýewiň jesedini daýysy jaýlar


Boston marafonynda bolan bomba partlamasyna gatnaşygy bolanlykda günä ýönkelýän Tamerlan Tsarnaýewiň daýysy polisiýa bilen atyşykda heläk bolan ýegeniniň jesedini jaýlamak jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Ruslan Sarni ýekşenbe güni Sarnaýewiň jesedi saklanylýan Massaçusets ştatyndaky ýas öýüne bardy.

Sarni, 26 ýaşly ýegeniniň jesedini musulman däplerine laýyklykda jaýlamak üçin öz ýany bilen ýene iki adamy alyp barypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de ýas öýüniň jogapkäri Massaçusetsdäki mazarlyklaryň hiç biriniň henize çenli Sarnaýewi jaýlamaga rugsat bermändigini, netijede başga ştatlardan tekliplere garaşylýandygyny aýtdy.

Sarnaýew we onuň 19 ýaşly dogany etniki çeçen immigrantlary bolup, olaryň geçen aý Boston marafonynda 3 adamyň ölümine we 260 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan bombalary öýlerinde ýasanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG