Sepleriň elýeterliligi

Elsiz gazak Britaniýa goýberilmedi


Elsiz doglan bir gazak sungat işgäri geçen aý Britaniýa sapar etmekden ýüz öwrüldi. Aýdylmagyna görä, muňa Karipbek Kuýukowyň eliniň barmak yzlaryny hödürläp bilmändigi sebäp bolupdyr.

44 ýaşly Kuýukowyň sözlerine laýyklykda, Britaniýanyň Stambuldaky konsullygy biometrik maglumatlaryň “pes hillidigini” öňe sürüp, onuň arzasyny kabul etmekden ýüz öwrüpdir.

Aýagynyň barmaklary we agzy bilen galamy saklap surat çekýän Kuýukow Edinburgda geçirilen bir ýygnaga gatnaşmakçy bolupdy.

Britaniýanyň Içeri işler ministrligi Kuýukowyň wizasynyň ret edilmändigini belläp, iki arada “düşünişmezligiň” bolandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG