Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nadal we Wilýams ýeňiş gazandylar


Rafael Nadal we Serena Wilýams Madrid Masters atly tennis bäsleşiginde birinjiligi alyp, ýaryşy tamamladylar. Nadal Stanislaw Wawrinka-dan 6-2, 6-4 hasap bilen üstün çykyp, Madridde gumak meýdanda geçirilen ýaryşda indi üçünji gezek öz titulyna mynasypdygyny subut etdi.
Bu orun Nadalyň sport karýerasynda 55-nji, gumak meýdançada bolsa 40-njy ýeňişi boldy. Bu hem onuň gumak meýdançada geçirilýän ýaryşlaryň gürrüňsiz häzirki döwürdäki şasydygyny aýtmaga esas berýär.
Serena Wilýams bolsa zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşda orsýetli tennis oýunçysy Mariýa Şarapowany 6-1, 6-4 hasabynda ýeňip, dünýäniň birinji raketkasy titulyny özünde saklap galmagy başardy.
Wilýams häzirki döwürde tennis boýunça dünýäde ikinji zenan hasaplanylýan Mariýa Şarapowadan 2004-nji ýyldan bäri bir gezegem ýeňlenok.
XS
SM
MD
LG