Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žirinowskiý Gyrgyzystana goýberilmez


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň parlamenti orsýetli tanymal syýasatçy we parlament deputaty Wladimir Žirinowskini bu ýurda goýbermezlik barada ýörite karar kabul etdi.

120 orunlyk gyrgyz parlamentinde geçirilen bu baradaky ses berişlikde 67 deputatyň oňlamagy bilen kararyň taslamasy kabul edildi.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň Žirinowskiý babatda şeýle karary kabul etmegine ýakynda Wladimir Žirinowskiniň Döwlet Dumasynda çykyş edip, Gyrgyzystanyň Orsýete 500 million dollar bergisiniň geçilmeginiň öwezine Gyrgyzystandaky Yssyk Kölüň Orsýete berilmelidigi barada eden teklibi sebäp boldy.

Wladimir Žirinowskiý Orsýetiň Liberal Demokratik partiýasyna liderlik edýär we özüniň dawaly häsiýetleri bilen giňden tanalýar.
XS
SM
MD
LG