Sepleriň elýeterliligi

ÝB Aşgabatda adam hukuklaryny gozgady


Çarşenbe güni Aşgabatda “Ýewropa Bilelişigi – Türkmenistan adam hukuklary dialogy” ady bilen nobatdaky gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň resmi internet saýtynda bu gepleşiklerde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň Türkmenistandaky özgerişliklere “ýokary baha berendikleri” aýdylsa-da, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň metbugat wekili Eamonn Prendergast bu gepleşiklerde adam hukuklary bilen bagly ýiti meseleleriň-de gozgalandygyny aýtdy.

Aşgabatdaky bu gepleşiklere gatnaşan Eamonn Prendergastyň Azatlyk Radiosyna mälim etmegine görä, bu ikitaraplaýyn gepleşiklerde Türkmenistandaky söz we metbugat azatlygynyň ýagdaýy, žurnalist Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegi, raýatlaryň ýygnak, din we ynanç azatlyklary ýaly meselelerdäki problemalary hem gozgalypdyr.
XS
SM
MD
LG