Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda baýramçylyk çäreleri geçirilýär


Şenbe güni Türkmenistanda Konstitusiýa güni bilen birlikde Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet güni bellenilip geçirilýär.

Bu sene bilen baglanyşykly şenbe güni ýurduň ähli welaýatlarynda ýörite baýramçylyk çäreleri we döredijilik duşuşyklary geçirilýär.

Bu baýramçylygyň bosagasynda türkmenistanly ýörite döredijilik delegasiýasy Eýranyň Gülüstan welaýatyna sapara bardy.

Soňky ýyllarda däp bolşy ýaly, bu gezek hem türkmenistanly döredijilik işgärleri şenbe güni Eýranyň bu welaýatynda ýerleşýän Magtymgulynyň guburyna zyýarat ederler we şahyryň hormatyna gurnaljak ýörite döredijilik çäresini gatnaşarlar.

18-nji maýda türkmen klassyk şahyry Magtymguly-Pyragynyň hormatyna şygyrýet gününi geçirmek däbi Türkmenistanda Sowet häkimiýeti ýyllarynda ýola goýlupdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu däp birneme üýtgedilip, 18-nji maý gününi Magtymguly-Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň şygyrýet güni hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýa, Galkynyş we Agzybirlik güni hökmünde-de bellemeklik karar edildi.
XS
SM
MD
LG