Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žiwko Budimir azatlyga goýberildi


Anna güni Bosniýanyň Konstitusion sudy bu ýurduň Bosniýa-Gersogowina feredasiýasynyň prezidenti Žiwko Budimiri tussaglykdan boşatmak barada karar çykardy.

Žiwko Budimir geçen aýyň ahyrynda 19 adam bilen bilelikde korrupsiýada we wezipesinden hyýanatçylykla peýdalanmakda aýyplanyp tussag edilipdi. Bosniýanyň Konstitusion sudy anna güni onuň bilelikde bu işde aýyplanýanlardan ýene dördüsiniň boşadylmagyny karar etdi.

Bosniýa-Gersogowina feredasiýasynyň prezidenti Žiwko Budimiriň girew esasynda azatlyga goýberilendigi habar berilýär. Emma oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalary boýunça indi nähili çäreleriň görülmeginiň mümkindigi barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG