Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzstanlylar kompensasiýa talap edýärler


Gyrgyzstanyň demirgazygynda ýerleşýän iň uly altyn gorunyň golaýynda ýaşaýan ilat bu magdan käniniň daşky gurşawa ýetiren ýaramaz täsiri üçin kompensasiýa talap edýärler.

200 töweregi protestçi duşenbe güni Saruu obasynda, Kumtor altyn gorunyň golaýyna ýygnanyşyp, goruň Kanadada ýerleşýän baş edarasyndan ýerli ýaşaýjylaryň tölegsiz medisina kömegi bilen üpjün edilmegi üçin dermanhana we hassahana gurmagyny talap etdiler.

Protestler gyrgyz hökümetiniň Kumtor altyn gorunyň durnuksyz himiki galyndylarynyň daş-töwerege ýetirip biljek ýaramaz täsirlerini öwrenip başlamagynyň yzysüre bolup geçdi.

Gyrgyz hökümetiniň garşydaşlary Kumtor gorunyň millileşdirilmegini talap edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG