Sepleriň elýeterliligi

Yrak: partlamalar 70 adamy öldürdi


Bagdatda şaýylaryň agdyklyk edýän etraplarynda partladylan bombalar 70-den gowrak adamy öldürdi.

Duşenbe güni typgyrlaýyn partladylan 12-den gowrak bomba Bagdaty sarsdyrdy. Bu ýagdaý şaýy-sünni mezhep çaknyşyklarynyň gaýtadan möwžemek ähtimallygy baradaky gorkyny köpeltdi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, emma ozal şaýy etraplaryna sünni pitneçi toparlary we Al-Kaýda bilen ilteşikli jeňçiler hüjüm edipdi.

Soňky iki aýda Yragyň şaýy we sünni etraplarynda ýarylan bombalardan müňden gowrak adam öldi.

Bu 2011-nji ýylyň dekabrynda amerikan goşunlary ýurtdan çykarylaly bäri turan iň uly zorluk tolkunydyr.

Azlykdaky sünniler Yragyň şaýy agdyklygyndaky hökümetini diskriminiasiýa etmekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG