Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa owgan tussaglary barada beýanat etdi


Çarşenbe güni Britaniýanyň goranmak ministri Filip Hammond Owganystanyň günortasyndaky tussaghanada britan güýçleriniň 90 töweregi ýerli owganystanlyny tussaglykda saklaýandyklaryny tassyklady.

Ol bu owganystanlylaryň kanuny esasda tussaglykda saklanýandyklaryny aýtdy.

Onuň bu beýanatynyň öňýany BBC habar gullugy Britaniýanyň Owganystandaky iň uly harby bazasynda owganystanly raýatlaryň “bikanun” tussaglykda saklanýandyklary barada maglumat ýaýradypdy.

Şol tussaglardan sekizisiniň adwokatlary öz müşderileriniň bu harby bazadaky tussaghanada hiç hili aýyplama bildirilmezden 14 aý töweregi tussaglykda saklanýandyklaryny tassyklapdyrlar.

Kanun britan güýçlerine kimdir-birine resmi aýyplama bildirmezden, ony 96 sagatdan artyk saklamaga rugsat bermeýär.
XS
SM
MD
LG