Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Damaska ýarag berjegini aýdýar


MIG-29 uçary
MIG-29 uçary
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň uly kömekçisi öz hökümetiniň Siriýany ýarag bilen üpjün etmek hukugyny gorap çykyş etdi.

Ýuriý Uşakow anna güni Moskwa Damask bilen baglaşan ýarag şertnamalaryny berjaý eder, sebäbi olaryň içinde halkara gadaganlygyna düşýän ýaraglar ýok diýdi.

Emma muňa garamazdan, Uşakow Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimi bilen täze ýarag şertnamalaryny baglaşmasa gerek diýdi.

Ol Ýewropa Bileleşiginiň golaýda Siriýanyň oppozisiýasyna ýarag bermek gadaganlygyny uzaltmazlyk barada gelen kararyny tankyt etdi.

Orsýet Assadyň berk goldawçylarynyň biri bolmak bilen, onuň esasy ýarag üpjünçisi hem bolup durýar.

Damask “Mig-29” uçarlaryny alar

Orsýetiň MiG harby uçarlaryny öndürýän zawody anna güni irden Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine häzirki zaman söweş uçarlaryny eltip bermek barada baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmekçidigini aýtdy.

MiG-iň baş direktory Sergeý Korotkow žurnalistlere Orsýetiň siriýa delegasiýasy bilen Damaska azyndan 10 sany “Mig-29” uçaryny ibermek barada gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Biraz öň ors metbugatynda Moskwanyň şu ýyl Siriýa režimine kämilleşdirilen “S-300” raketa gorag sistemalaryny eltip bilmezliginiň ähtimaldygy baradaky habarlar çykdy.

"Vedomosti" gazeti goranmak resmisine salgylanyp, şu ýyl bu ýaraglaryň Siriýa eltiljeginiň anyk däldigini ýazdy.

"Kommersant" gazeti bolsa, öz çeşmesine salgylanyp, bu ýaragyň Siriýa 2014-nji ýylda eltilmeginiň planlaşdyrylandygyny habar berdi.

"S-300" güýzden bäri ýetişmez

“Interfaks” habar gullugy anna güni ors ýarag senagatynyň ady aýdylmaýan bir çeşmesine salgylanyp, Moskwanyň uçara garşy “S-300” raketalaryny Siriýa güýzden bärde eltip bilmejegini ýazdy.

Şeýle-de bu çeşme ol raketalaryň Siriýa eltilip-eltilmezliginiň Siriýadaky ýagdaýlaryň ösüşine bagly boljagyny aýdypdyr.

Bu pikirler Assad penşenbe güni Hizbollanyň eýeçiligindäki “Al-Manar” telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde Orsýet eýýäm ol raketa sistemalarynyň bir bölegini Siriýa getirdi diýeninden soň aýdyldy.

Kämilleşdirilen raketa-gorag sistemalarynyň Assad režimine gelip gowşandygy baradaky habarlar günbatar döwletleriniň arasynda alada döretdi, synçylar munuň ýagdaýy üýtgetjegini aýdýarlar.

Assad Ysraýyla duýduryş berýär

Şeýle-de Assad Damaskyň Ysraýyl tarapyndan geljekde öz topragyna urlan islendik howa zarbasy üçin ar aljagyny duýdurdy we Golan belentliklerinde Ysraýyla garşy hüjüm ediljegini ýaňzytdy.

Golan belentliklerini 1967-nji ýylda bolan Arap-Ysraýyl urşundan bäri eýeläp oturan Ysraýyl Assadyň aýdan sözlerine reaksiýa bildirmäge howlukmady.

Şeýle-de Assad Siriýanyň hökümetiniň prinsipde Ženewada geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak isleýändigini, emma islendik ylalaşygyň referenduma goýulmalydygyny aýtdy.

BMG-niň hasaplamalaryna görä, Siriýada barýan raýat urşunyň iki ýylynda 80 müňde gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG