Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde mamontyň jesedi tapyldy


Orsýetiň alymlary Demirgazyk Buzly okeandaky adalaryň birinden ýüňlek mamontyň jesedini tapandyklaryny mälim etdiler.

Maglumata görä, mamontyň bu jesedi Orsýetiň Sibir regionynyň kenarlaryna golaý ýerleşýän Lýakowskiý adalaryndan tapylypdyr.

Bu tapyndynyň üstünde işleýän ylmy toparyň agzasy Semýon Grigorew mamontyň jesediniň käbir bölekleriniň örän uzak wagtlap buzuň içinde galandygyna görä, hatda mamontyň etiniň we ganynyň-da saklanandygyny aýdýar.

Alymlar bu mamontyň etinden we ganyndan janly genetik önümleriň tapylan halatynda olary klonlamak arkaly täzeden direltmegiň-de mümkindigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG