Sepleriň elýeterliligi

Heýgel Hytaýa duýduryş berýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel özüniň Hytaý bilen harby gatnaşyklary kämilleşdirmeklige umyt baglaýandygyny aýtdy, emma Pekine kiber hüjümleri barada duýduryş hem berdi.

Heýgel şenbe güni Singapurda guralan howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürledi. Ol Birleşen Ştatlaryň barha ösýän kiber howpy baradaky aladalaryny mälim edendigini, bu howpuň käbir derejede hytaý hökümeti we harbylary bilen ilteşikli bolup görünýändigini aýtdy.

Şeýle-de Heýgel Aziýa döwletlerine, saldamly býujet kemeltmelerine garamazdan, Pentagonyň öz harby goşunlaryny, gämilerini we uçarlaryny Ýuwaş okean sebitine geçirmegini dowam etdirjegini aýtdy.

Singapur howpsuzlyk forumy 7-8-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň perzidenti Barak Obama bilen onuň hytaýly kärdeşi Xi Jinpingiň arasynda Kaliforniýada boljak duşuşygyň öň ýanynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG