Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarif üçünji gezek häkimiýet başyna geçdi


Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Nawaz Şarif, Yslamabat, 5-nji iýun, 2013.
Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Nawaz Şarif, Yslamabat, 5-nji iýun, 2013.
Nawaz Şarif premýer-ministr wezipesinde Pakistana üçünji sapar ýolbaşçylyk eder.

63 ýaşly Şarif ýaňy işe başlan 342 orunly Milli Assambleýanyň 244 agzasy tarapyndan çarşenbe güni bu wezipä saýlandy.

Nawaz Şarifyň “Pakistanyň musulman ligasy” atly partiýasy geçen aýda parlamentiň aşaky öýüne geçirilen saýlawlarda parlamentdäki orunlaryň köplügine eýe boldy.

180 million ilatly Pakistanyň täze hökümeti ýurtda ýangyç ýetmezçiligi, ykdysady çökgünlik we yzygiderli terrorçylykly hüjümler ýaly uzak wagt bäri dowam edýän problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Şarif Pakistanyň ykdysadyýetini galdyrmak meselesiniň özüniň baş maksadydygyny nygtap, täze hökümetiň senagaty, oba hojalygyny we söwda ugurlaryny ösdürmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Şarif häkimiýet başyna 13 ýylda, soň dolanyp geldi. Ol Pakistanda bolan harby agdarylyşyk netijesinde wezipesinden çetleşdirilipdi we ençeme ýyllap sürgünlikde bolupdy.

Syýasy özgerişlik

11-nji maýda bolan saýlawlaryň netijesinde, indi lkinji gezek, Pakistanyň dünýewi düzümli hökümeti öz möhletini dolduryp, häkimiýeti täze saýlanan adminsitrasiýa ses berişlik arkaly tabşyrýar.

Pakistan 1947-nji ýylda garaşsyzlyga eýe bolaly bäri harbylar ýurtda üç gezek döwlet agdarylyşygyny amala aşyrdylar we garaşsyzlyk döwrüniň çak bilen ýarpysynyň dowamynda ýurdy dolandyrdylar.

Soňky ýyllarda Pakistanyň dünýewi ýolbaşçylar tarapyndan dolandyrylmagyna garamazdan, henize çenli-de harbylar ýurduň täsirli edaralaryna gözegçilik edýärler.

Kynçylyklar

”Pakistanyň musulman ligasynyň” metbugat wekili Tarik Azeem sişenbe güni eden çykyşynda Şarifiň we onuň hökümetiniň öňünde duran kynçylyklar barada gürrüň etdi. Ol täze hökümetiň problemalary çözmek üçin berk çäre görmeli boljakdygynyň saýlawlardan hem öň hemmä mälim bolandygyny we Nawaz Şarifiň muňa taýýardygyny nygtady.

Şarifiň hökümet başyna geçmegi Pakistanyň ykdysadyýetiniň agyr döwrüne gabat geldi. Ýurt uly işsizlik, milli puluň hümmetsizlenmegi, daşary ýurtlardan gelýän maýa goýumlarynyň möçberiniň azalmagy we korrupsiýanyň ýaýbaňlanmagy ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ykdysadyýetiň aýaga galmagy ýurduň durnuklylygyny üpjün etmek üçin esasy şertleriň biri diýlip hasaplanýar.

Täze hökümetiň ykdysady çökgünliligiň öňüni almak üçin Halkara walýuta fondundan milliardlarça dollarlyk kömek almak boýunça gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Energiýa krizisi

Nawaz Şarifiň öňünde duran esasy meseleleriň ýene biri energiýa krizisinden çykalga tampakdyr. Elektrik togunyň hyrydarlary käte her gije-gündizine 20 sagatlap toksuz oňmaly bolýarlar.

Kynçylyklar ýönekeý raýatlaryň arasynda nägileligi güýçlendirýär we ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça görülýän beýleki çäreleri gowşadýar. Şarif energiýa öndüriji täze obýektleri gurmakçydygyny mälim etdi.

Hökümetiň öňünde duran agyr problemalaryň ýene biri ýurtda yzly-yzyna edilýän terrorçylykly hüjümler bilen bagly. Hüjümler hökümeti agdarmak isleýän ýaragly toparlar we dini ekstremistler tarapyndan amala aşyrylýar.

Nawaz Şarif täze hökümetiň öz öňünde duran problemalary çözmek üçin parlamentiň we tutuş halkyň goldawyna mätäçdigini aýtdy we pakistanlylary agzybirlige çagyrdy.

Yslamabada ABŞ tarapyndan hem basyş edilýär. Waşington Yslamabatdan Pakistanyň Owganystan bilen serhetdeş böleklerinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäre görülmegini isleýär.

Şarif Pakistanyň Penjab welaýatyndan bolan tütjar baý polat öndüriji. Ol ençeme ýylyň dowamynda ýurduň iň täsirli syýasatçylarynyň biri bolup galýar. 1998-nji ýylda Şarifiň Pakistanyň hökümetine ýolbaşçy bolan döwründe Yslamabat özüniň ilkinji ýadro synagyny amala aşyrypdy.
XS
SM
MD
LG