Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda italiýaly öldürildi


Owganystanyň günbatarynda amala aşyrylan hüjümde italiýaly bir esger öldürildi, başga-da üçüsi ýaralandy.

Italiýanyň Goranmak ministrligi hüjümiň şenbe güni irden Farah welaýatynda bolandygyny mälim etdi. Maglumata görä, esgerleriň harby ulagyna hüjüm edilipdir. Başga goşmaça maglumat aýan edilmedi.

Farah welaýat häkimliginiň metbugat wekili italiýalylaryň harby ulagyna el granadynyň zyňylandygyny aýdýar.

Şu aý Owganystanda daşary ýurtly esgerleriň 13-si öldürildi.
XS
SM
MD
LG