Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Dört daşary ýurtly öldürildi


Owganystanda amala aşyrylan iki sany aýry hüjümde, dört daşary ýurtly öldürildi.

Owganystandaky Halkara güýçleriniň metbugat wekili general Gunter Katzyň maglumatyna görä, şenbe güni Paktika welaýatynda owgan harbylarynyň lybasyna geýnen bir adam, üç esgeri öldüripdir.

General Katz Farah welaýatynda italiýaly bir esgeriň hem öldürilendigini aýtdy.

Paktika welaýat häkimliginiň metbugat-wekili öldürilen daşary ýurtlylaryň üçüsiniň hem ABŞ-nyň raýatydygyny mälim etdi.

Farah welaýatynda italiýaly esgere amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG