Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: üç adam tussag edildi


Gyrgyzstanyň demirgazygyndaky Naryn şäherinde Yslamçy Hizb ut-Tahrir toparynyň agzasydygy çaklanylýan üç adam tussag edildi. Duşenbe güni Gyrgyzstanyň milli howpsuzlygy boýunça döwlet komitetiniň beren maglumatyna görä, tussaglardan biri, toparyň lideridir. Onuň 39 ýaşyndadygy aýdylýar.

Ol beýleki iki ýarany bilen bilelikde duşenbe güni tussag edilip, olara dini dartgynlygy öjükdirmekde, şeýle-de ektremist materiallary saklamakda aýyplama bildirilýär. Tussag edilen şübhelileriň atlary aýan edilmedi.

Düýbi Londonda ýerleşýän Hizb ut-Tahrir sünni syýasy guramanyň maksady ähli musulman ýurtlaryny birikdirip, yslam halypalygyny döretmekden ybaratdyr.

Gyrgyz hökümeti öňki Sowet giňişligine girýän käbir ýurtlar ýaly, agzalýan guramany goldaýanlara “ektstemistler” diýip baha berip, bu hereketi gadagan edipdi.
XS
SM
MD
LG