Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Futbol janköýerleri protestlere gatnaşýarlar


Beşiktaş, Galatasaraý we Funerbahçe futbol klublarynyň janköýerleri Taksim meýdançasyndaky demonstrasiýada, Stambul, 4-nji iýun. 2013.
Beşiktaş, Galatasaraý we Funerbahçe futbol klublarynyň janköýerleri Taksim meýdançasyndaky demonstrasiýada, Stambul, 4-nji iýun. 2013.

Türkiýeli futbol janköýerleriniň arasynda bolýan berk gapma-garşylyklary gören adamlar üçin ýurduň iň uly üç klubunyň tarapdarlarynyň birleşmegini görmek täsin bir ýagdaý. Emma hut şeýle ýagdaý premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogana garşy geçirilýän protestleriň dowamynda ýüze çykdy.

Stambulyň köçelerinde çaşyp ýatan kerpiç böleklerini tapmak aňsat däl. Emma futbol janköýerleri köçede näme tapsalar, barrikada gurmak üçin peýdalanmaga çalyşýarlar. Şeýle böwetleriň ençemesi Taksim meýdançasynyň golaýyndaky köçelerde polisiýanyň gysyşlaryna garşy durmak üçin gurulýar.

Türkiýäniň iň meşhur üç klubunyň tarapdarlary üçin polisiýa bilen çaknyşyklar täze bir zat däl. Emma olaryň umumy bir garşydaşyna gaýtargy bermek üçin birleşmekleri köpleri geň galdyrdy.

Umumy göreş

8-nji iýunda agşam futbol janköýerleri Taksim meýdançasynda uly demonstrasiýa geçirdiler. Olar, 10 gün mundan ozal başlanan protestleri goldamak üçin, öz güýçlerini birleşdirdiler. Bu ýerde gurluşyk proýektiniň amala aşyrylmagyna garşy protest hökmünde başlanan demonstrasiýalar prezident Rejep Taýyp Erdogana garşy çykyşlara öwrüldi.

Gazhani Bostani köçesinde bolup geçýän ýagdaýlar protest hereketiniň simwolyna öwrüldi. Bu ýerde Beşiktaş we Funerbahçe klublarynyň tarapdarlary umumy bir maksat ugrunda hyzmatdaşlyk edýärler.

24 ýaşly Said Burek Türkiýe raýatlaryň azatlyklaryny çäklendirýän diktaturaly ýurt diýip hasap edýär. Ol hut şu sebäpden futbol janköýerleriniň özara bäsdeşliklere göz ýumup, ýurduň has erkin bolmagyny gazanmak üçin göreşe girişendiklerini belledi.

Futbol janköýerleriniň garşylyklary

“Hurriýet” täzelikler gündeliginiň sport boýunça redaktory Setin Sem Ýylmaz protestlerden öň Türkiýäniň futbol bilen bagly ýagdaýynda gowulyga tarap alamatlaryň bolmandygyny belledi.

Maý aýynyň ortalarynda bolan futbol oýnunda Galatasaraýyň meşhur oýunçysy Dildýe Drogba Funerbahçe klubunyň tarapdarlary tarapyndan milletçilikli kemsitmelere sezewar edilipdi.

Munuň yz ýany Funerbahçe klubunyň tarapdary Burek Ýyldyrym Galatasaraýyň tarapdarlarynyň geýýän geýimlerini geýnen iki adam tarapyndan pyçaklanyp öldürilipdi.

Setin Sem Ýylmaz şonda bu aýylganç ýagdaýyň barha ýaramazlaşmak ýoluna düşendigini aýdýar.

Graşylmadyk bütewülik

Setin Ýylmazyň pikirine görä, ýaňy-ýakynda başlanan bilelşik garaşylmadyk, emma oňyn bir ýagdaý.

31-nji maýda polisiýanyň Taksim meýdançasynda protestlere basyş edýändigi barada maglumat berlende, futbol klublarynyň tarapdarlary birleşip, Beşiktaşyň ýerleşýän binasyny gorap başladylar. Häzirki ýagdaýda bu üç klubuň arasynda bütewülik barada ylalaşyga gelindi.
XS
SM
MD
LG