Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

10,5 million çaga zähmet çekýär


Tutuş dünýäde takmynan 10,5 million çaga beýleki adamlaryň öýünde hyzmatkär bolup işleýär. Kähalatlarda olar howply hem-de gul şertlerinde zähmet çekýärler.

Bu hasabat BMG-niň halkara zähmet guramasy tarapyndan, çaga zähmetine garşy Bütindünýä güni mynasybetli çarşenbe güni ýaýradyldy.

BMG-niň halkara zähmet guramasynyň raportynda, şol çaga işçileriň 6,5 milliony bäş bilen 14 ýaş aralygynda bolup, olaryň 71%-den gowragy gyzlardyr.

Hasabatda bellenmegine görä, Pakistanyň we Nepalyň çetki ýerlerindäki maşgalalar öz bergilerini bermek üçin mejbury çagalaryny beýleki adamlaryň öýüne işlemäge iberýärler. Hasabatda, aýratynda Sahara çölüniň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlarynda problemanyň has hem erbetdigi bellenýär.

Şeýle-de hasabatda, öý arassalamaga, nahar taýýarlamaga we beýleki ýumuşlary ýerine ýetirmäge mejbur edilýän çagalaryň, öýünden uzakda fiziki, ruhy we jynsy zorluklara garşy goragsyzdygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG