Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen döwleti we “abraý meselämiz”


Eli baýdakly türkmen talyplary
Eli baýdakly türkmen talyplary
Türkmenistan 1991-nji ýyldan bäri garaşsyz döwlet, ýöne bu taryh üçin uly möhlet däl. Emma muňa garamazdan, türkmen döwletliliginiň parahatçylyk we ösüş ýolundan barýandygy, dünýä ýurtlary bilen gowy gatnaşyk gurup, öz halkynyň durmuş-ýaşaýşyny gowulandyrmakda bir topar iş edendigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, her bir ýurtda bolşy ýaly, türkmen raýatlarynyň arasynda hem döwletden nägile adamlar-da bar. Olar döwletiň ýa-da onuň başyndaky ýolbaşçylaryň umumyhalk aladasyny, ýurduň at-abraýyny dünýä derejesinde ýokary galdyrmakda ýeterlik iş etmeýändiklerini aýdýarlar.

Emma resmi Aşgabat ýa-da döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty Türkmenistanyň dünýä abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýadygyny gaýtalaýar.

Türkmen döwletiniň umumy ýagdaýynyň onuň abraýyna ýetirýän täsiri, resmi Aşgabadyň öz halkara borçlaryny berjaý edişi ýa etmeýşi, raýatlarynyň bähbitlerini gorap bilşi ýa bilmeýşi bilen baglylykda, gowy bilim alan, iňlis dilini bilýän, daşary ýurt tejribelerinden habarly ýaşlaryň arasynda-da dürli pikirler bar.

Aýdaly, olaryň birleri Türkmenistanyň adam hukuklary, syýasy-ykdysady we medeni azatlyklary çäklendirmek babatda tankytlanmagy bilen ylalaşmaýar, beýleki bir bölegi bolsa bu hili tankydyň umumy ösüş üçin peýdalydygyny, türkmen döwletliliginiň at-abraýynyň şahsyýet kulty ýa özüňi öwmek bilen ýokarlandyrylyp bilmejegini öňe sürýär.

Şonuň bilen birlikde, türkmen döwletiniň abraýyny ýurt içinde korrupsiýa batan resmiler gaçyrsa, daşary ýurtlarda her hili bikanun işlere baş goşýan türkmen raýatlary ýere salýar diýen pikir hem bar.

Megerem şondan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen ýaşlarynyň käbiri “abraý meselämiz” hakda köpräk gürrüň etmegi teklip etdi.

Eýsem türkmen döwleti we “abraý meselämiz” barada kim näme pikir edýär?
Bu ýerdäki abraý ýa-da biabraýlyk kime hem nämä bagly?

Umuman, döwlet we abraý meselesinde ýaşlar diňe algylynyň ýa-da bergiliniň, özünden göwnühoşuň ýä nägiläniň ornunda durmalymy?

Ýa-da “Bu biziň işimiz däl, döwlet başynda oturanlaryň işi, hemme zada şolar jogapkär” diýýänler mamlamy?

Ýa-da her kim özüne “Men döwlet, ýurt abraýy üçin näme etdim?” diýen soragy bermelimi?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Belki, söhbete gatnaşarsyňyz.

Pikirleriňize, teklipleriňize garaşýarys.

Biziň bilen

- skype (azatlykradiosy);


- Facebook (Azatlyk Radiosy);

- Vkontakte (Azathabar) arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG