Sepleriň elýeterliligi

Müsür Siriýa bilen gatnaşyklary kesýär


Şenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammed Mürsi öz ýurdunyň Siriýanyň hökümeti bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesýändigini yglan etdi.

Şeýle hem, ol Siriýadaky oppozision söweşijilere ýardam bermek maksady bilen, halkara güýçlerini Siriýanyň territoriýasynda uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmeklige çagyrdy.

Paýtagt Kairde sünni ruhanylarynyň öňünde eden bu çykyşynda prezident Muhammed Mürsi Siriýanyň hökümet güýçleriniň tarapynda söweş alyp barýan Liwanyň Hizbulla toparynyň söweşijilerini Siriýany terk etmeklige-de çagyrdy.

Müsüriň sünni musulmanlarynyň hereketi bolan “Musulman doganlygy” partiýasy tarapyndan goldanylýan Muhammed Mürsi Siriýanyň Müsürdäki ilçihanasynyň ýapylýandygyny we Müsüriň Siriýadaky diplomatlarynyň-da yzyna çagyrylýandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG