Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar Rohaniniň saýlaw ýeňşini toýlaýarlar


Eýranlylar Rohaniniň ýeňşini gutlaýarlar.
Eýranlylar Rohaniniň ýeňşini gutlaýarlar.
Hassan Rohaniniň Eýranyň 14-nji iýunda geçen prezident saýlawlarynda gazanan aňk ediji ýeňşi Yslam respublikasynda ýyllara çeken halkara izolýasiýasyndan we ykdysady hupbatlardan soňky özgerişlik mümkinçiliklerine bolan umydy güýçlendirdi.

Rohaniniň garaşylmadyk ýeňşini eşidip begenen müňlerçe eýranly, bütin ýurt boýunça köçelere dökülip, şatlyklaryny we saýlanan prezidente goldawlaryny beýan etdi.

64 ýaşly Rohaniniň tarapdarlary onuň Günbatar bilen gapma-garşylyklary azaldyp, ýurduň ykdysady ösüşine itergi berip biljegine bil baglaýarlar.

Ruhany özgerişlik döredip bilermi?

Emma entek seresaplylygy elden bermeýän eýranlylar hem bar, olar degişlilikde aram ruhanynyň içeri hem daşary syýasatda uly bir özgerişlik döredip bilmejegini öňe sürýärler. Eýranda döwlet işlerine degişli ähli karar ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýä degişli bolup durýar.
Täze saýlanan prezident Hassan Rohani
Täze saýlanan prezident Hassan Rohani

Azatlyk Radiosynyň pars gullugynyň, Farda radiosynyň diňleýjileriniň biri bu waka baradaky pikirini şeýle beýan etdi:

“Maňa reformaçylar, fundamentalistler, liberallar, aramlar, çepçiler ýa sagçylar gerek däl. Men diňe jenap Rohaniniň Eýrany we onuň halkyny söýýän adamlardan hökümet düzmegini isleýärin. Belki-de şondan soň olar halkyň sosial we şahsy azatlyklar, ykdysady ýagdaýyň gowulanmagy, eýran halkynyň ösüşi baradaky talaplaryny ýerine ýetirip bilerler.”

Syýasy tussaglar azat edilmeli

Ikinji bir eýranly bolsa şeýle pikiri öňe sürdi:

“Jenap Rohani, Eýranyň täze prezidenti, siziň ilki etmeli zadyňyz ýurduň syýasy tussaglaryny azatlyga goýbermek. Siz Eýranyň 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlaryndan soňky halk protestlerini goldanlygy üçin iki ýyl gowrak öz tussaglygynda oturan jenap Mir Hosseýin Musawini, Mehdi Karrubini azat etmek baradaky işleri çaltlaşdyrmaly.”

Eýranlylaryň ýene biri bolsa şeýle diýdi:

“Biz bir zada düşünmeli. Eýranyň tutuş syýasy sistemasy ýolbaşçylar tarapyndan kesgitlenýär. Şahsyýetleriň ählisi ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýä gulluk etmeli. Onsoň biz jenap Rohaniniň nähilidir bir özgerişlik getirmegine garaşmaly däl bolsak gerek.”

Ýaşlaryň umydy

Farda radiosynyň ýene bir diňleýjisi bolsa, Rohanini gutlap, şeýle diýdi:

"Men jenap Rohanini ähli ýaşlaryň we oňa ses berenleriň adyndan gutlamak isleýärin. Men ol öz wadalaryny ýerine ýetirer, rialyň hümmetini ýokarlandyrar, Eýranyň milli buýsanjyny dikelder, işsizlige we beýleki meselelere üns berer diýip umyt edýärin."

Tähranly bir zenan bolsa şeýle diýdi:

"Men Rohaniniň saýlawda ýeňiş gazanmagyna, onuň Mohammad Reza Aref – Rohaniniň mümkinçiligini köpeltmek üçin saýlawdan çekilen aram kandidat - bilen ýaranlyk gurmagyna örän hoşal. Bu saýlawyň reformaçylaryň peýdasyna bolmagyna getirdi. Men ol öz beren wadalarynda durar we ýurtda akyl-parasady we umydy gaýtadan döreder diýip umyt edýärin."

Başga bir eýranly bolsa şeýle sorag berdi:

"Men eýran halkynyň ruhanydan näme garaşýandygyna düşünmeýärin. Watikandan başga ýerde, dünýäniň haýsy ýerinde dini şahsyýet ýurdy dolandyrýar?"

Ýene bir eýranly bolsa şeýle pikirde:

"Men Rafsanjani bilen Hataminiň Rohanini goldamagyndan we halky dogry ýoda gönükdirmeginden minnetdar boldum. Men Rohani jenap Rafsanjanini we Hatamini – ozalky prezidentleri buýsandyrar diýip umyt edýärin."
XS
SM
MD
LG