Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki lider Siriýa meselesinde ylalaşmaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 8-ler toparynyň Demirgazyk Irlandiýada geçirýän sammitiniň gapdalyndan siriýa krizisi barada maslahat etdi.

Putin iki ýurduň ol ýerdäki gandöküşikligi nähili soňlamalydygy baradaky meselede ylalaşmandygyny, emma uruşýan taraplary gepleşik stolunyň başyna getirmek isleýändigini aýtdy.

Obama bu aýdylýanlary tassyklap, Moskwa bilen Waşingtonyň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyna ýol berilmezligini isleýändigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de Obama iki lideriň öz toparlaryna Ženewada Siriýa parahatçylyk konferensiýasyny geçirmegi gurnamak boýunça tabşyryk berendigini aýtdy.

Obama bilen Putin, Eýranda aram ruhany Hassan Rohani prezident saýlanandan soň, bu ýurt bilen gepleşikleri ilerletmek mümkinçiligine umyt bildirdiler.
XS
SM
MD
LG