Sepleriň elýeterliligi

Karzaý ABŞ bilen gepleşikleri ýatyrdy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, 9-njy iýun, 2013.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, 9-njy iýun, 2013.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amerikan goşunynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmagyna rugsat berýän ylalaşyk boýunça ABŞ bilen gepleşikleri wagtlaýynça ýatyrdy.

Karzaýyň resmi wekili Aimal Faiziniň sözlerine görä, Howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşygyň ýatyrylmagyna “ABŞ-nyň Owganystan boýunça parahatçylyk gepleşikleri ugrunda aýdýan sözleri bilen edýän işleriniň arasyndaky gapma-garşylykar” sebäp bolupdyr.

Karzaýyň administrasiýasy bu “gapma-garşylyklaryň” nämeden ybaratdygyny anyklaşdyrmady.

Karzaýyň hökümetiniň ýokary derejeli agzasynyň çarşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Karzaý ”Talyban” hereketiniň Katardaky täze aragatnaşyk ofisiniň atlandyrylyşyndan nägile.

“Talybanyň” täze ofisi

Sişenbe güni ABŞ-nyň resmileri “ýakyn günlerde” ”Talybanyň” wekilleri bilen bu hereketiň Katardaky ofisinde duşuşyk geçirjekdiklerini yglan etdiler.

“Owganystanyň Yslam Emirliginiň syýasy edarasy” diýlip atlandyrylan bu ofisiň ady Hamid Karzaý Owganystanda döwlet başyna gelmänkä, ”Talyban” režiminiň Owganystany resmi atlandyryşyna gabat gelýär.

Karzaý sişenbe güni eden çykyşynda ”Talybanyň” liderleri bilen parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin Katara resmi toparyny ibermek planynyň bolandygyny mälim edipdi. Emma “Talyban” olar bilen duşuşmakdan ýüz öwürdi we Karzaýyň hökümetini ykrar etmekden boýun gaçyrdy.

Hüjümler dowam edýär

Geçen hepdede Kabulda Baş suduň öňünde ”Talyban” tarapyndan amala aşyrylan bomba partlamasy zerarly 17 adam heläk boldy we 39 adam ýaralandy. Munuň yz ýany Karzaýyň metbugat wekili owgan prezidentiniň ABŞ bilen howpsuzlyk boýunça gepleşikleri wagtlaýynça duruzmaga taýýardygyny aýtdy.

Aimal Faiziniň sözlerine görä, Karzaý ”Talybanyň” Owganystana garşy hüjümlerini bes etdirmek üçin Waşingtonyň Pakistana we bu ýurduň gizlin gulluklaryna basyşy güýçlendirmegini isleýär.

Waşington ”Talybanyň” wekilleriniň parahatçylyk ugrunda gepleşiklere başlamak üçin amerikan tarapynyň öňe süren şertleriniň käbirleri bilen ylalaşandan soňra parahatçylyk ugrundaky gepleşiklerde öňegidişligiň dörändigini belledi.

”Talyban” Owganystanyň goňşulary bilen gowy gatnaşyklaryň tarapdarydygyny we ýurt boýunça syýasy karary goldaýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň resmileri ”Talyban” hereketiniň bu beýannamasyny ”Talybanyň” “halkara terrorçylygyndan daşlaşmagyna tarap ilkinji ädim” diýip atlandyrdy.

Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikler üçin taýýarlygyň görülýändigine garamazdan, ”Talybanyň” söweşijileri Owganystanda bomba we raketa hüjümlerini amala aşyrmagyny dowam etdirýärler.

”Talyban” sişenbe güni agşam Bagram howa meýdanynyň golaýynda dört ämerikan esgeriniň ölümine sebäp bolan raketa hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

”Talybanyň” Katarda täze açylan ofisiniň wekili Mohammad Sohail Şaheen syýasy gepleşikler bilen bir wagtda bu hereketiň harby çärelerden hem el çekmejekdigini aýtdy.

”Talybanyň” metbugat wekili Zabiullah Mujahidiň çarşenbe güni aýtmagyna görä, ”Talyban” parhataçylykly gepleşiklere gatnaşmaga isleg bildirse-de, onuň söweşijileri amerikanlaryň Owganystanda bolmazlygy ugrunda söweşmäge taýýardyklaryny bildirýärler.
XS
SM
MD
LG