Sepleriň elýeterliligi

Obama “Talyban” bilen gepleşikleri goldady


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama. 2013 ý.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama. 2013 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ”Talybanyň” Katardaky täze ofisinde başlanan parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri dowam etdirmek boýunça amerikan tarapynyň edýän tagallalaryny goldap çykyş etdi.

Obamanyň çarşenbe günki kommentarileri Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň ABŞ bilen özara ylalaşyk boýunça gepleşikleri togtadandan soň birnäçe sagat geçip-geçmänkä edildi. Owganystanyň ABŞ bilen bu ylalaşygynda amerikan harbylarynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda tälim berijiler we maslahatçylar hökmünde galmagy göz öňünde tutulýar.

Parallel meseleler

Obamanyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen bilelikde Berlinde geçiren metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, ol Owganystanda parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere we amerikan harbylarynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmagy boýunça gepleşiklere parallel meseleler hökmünde garaýar.

Hepdäniň çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amerikan resmileri bilen Howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyk ugrundaky gepleşikleri ýatyrandygyny aýtdy we munuň sebäbini “amerikan hökümetiniň Owganystan boýunça parahatçylyk prosesine degişli aýdýan sözleri bilen edýän hereketleriniň arasynda gapma-garşylyklaryň bardygy” bilen düşündirdi.

Şeýle-de, Karzaý ”Talybanyň” Katardaky täze ofisiniň “daşary ýurt” goldawyna daýanýandygyny belledi.

Owgan hökümetiniň garaýşy

Karzaý Owgan tarapynyň parahatçylyk prosesine ýolbaşçylyk edýändigine garamazdan, Owganystanyň parahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiniň Katardaky gepleşiklere gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Barak Obama “Talybanyň” sişenbe güni Katarda täze ofisini açmagynyň Karzaýyň hökümetiniň göwnünden turmandygyny belledi.

“Owganystanyň Yslam emirliginiň syýasy edarasy” diýlip atlandyrylan täze ofisiniň ady “Talyban” režiminiň Owganystany Karzaýyň döwlet başyna gelmeginden öň atlandyryşyna gabat gelýär.

Owganystanyň parlamentiniň aşaky öýüniň çarşenbe güni ýaýradan resmi beýannamasynda aýdylyşyna görä, ol Owganystanyň daşynda owgan hökümetine degişli bolmadyk hiç bir syýasy edarany ykrar etmekçi däl.

Sişenbe güni Karzaý “Talybanyň” liderleri bilen parahatçylykly gepleşikler boýunça meseläni maslahat etmek üçin Owganystanyň parahatçylyk boýunça Ýokarky geňeşiniň agzalaryny Katara ibermekçi bolandygyny mälim edipdi.

Emma “Talyban” owgan resmileri bilen gepleşmekden, hatda Karzaýyň hökümetini ykrar etmekden ýüz öwürýär.

Şeýle-de, “Talyban” Owganystanda daşary ýurtlularyň bolmagyna çürt-kesik garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG