Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýada terror topary aýan edildi


Anna güni Ispaniýanyň häkimiýetleri bu ýurtda “Al-Kaýda” terror guramasy bilen baglanyşykly bir toparyň üstüniň açylandygyny mälim etdiler. Bu gürrüňi edilýän toparyň soňky wagtlar Siriýa söweşijileri ýollamak bilen meşgullanyp gelendigi aýdylýar.

Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda anna güni bu ýurduň Marokko bilen serhetleşýän regionynda 8 adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Şeýle hem, beýanatda söweşijileri taýýarlamak bilen meşgullanýan bu toparyň Ispaniýanyň serhet ýakasyndaky Seuta şäherinde hem-de Marokkanyň Fnidek şäherinde iş alyp barandygy bellenilýär.

Içeri Işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, “Al-Kaýdanyň” görkezmesi boýunça iş alyp baran bu topar söweşijileri taýýarlamak, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmak boýunça pul we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek bilen meşgullanypdyr.
XS
SM
MD
LG