Sepleriň elýeterliligi

Kabulda prezident köşgüne hüjüm edildi


Owgan howpsuzlyk güýçleri Kabulda prezident köşgüne edilen hüjümi yzyna serpikdirdiler.

Aýdylmagyna görä, hüjümçileriň barysy öldürilipdir. Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Daud Amin iki sany "NATO" belgili ulagyň sişenbe güni irden köşgüň derwezesiniň agzyna gelendigini aýtdy.

Sakçylar birinji ulagy köşge goýberdiler, emma ikinji ulagyň içindäki adamlaryň kimdigi soralanda atyşyk başlandy we bir maşyn partladyldy.

Bu hadysa prezident Hamid Karzaýyň planlaşdyrylan metbugat ýygnagynyň öňünden boldy.

Hüjümiň edilen ýeri Goranyş ministrliginiň we ozalky "Ariana" myhmanhanasynyň golaýynda boldy, bu myhmanhana Merkezi aňtaw gullugynyň Owganystandaky edarasynyň ýerleşýän ýeri diýip bilinýär.

"Talybanyň" sözçüsi Zabihulla Mujahid bu hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG