Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Kartoýew türmede öldi


2009-njy ýylda Orsýetiň Twer oblastyndaky “Newskiý Ekspress” otlysynda amala aşyrlan bomba partlamasyna gatnaşmakda aýyplanan tussag türmede öldi.

Ýekaterinburgyň temmi beriş edarasynyň federal gullugynyň duşenbe güni beren maglumatyna görä, 41 ýaşly Tarhan Kartoýew ýürek näsazlyklary zerarly şenbe güni Swerdlowsk oblastyndaky zähmet lagerinde aradan çykypdyr.

Kartoýew we başga-da dokuz adam geçen ýylyň maý aýynda ýedi ýyl we ömrüniň soňuna çenli türme tussaglygy aralygynda höküm edilipdiler. Olar Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasyndandyr.

Kartoýew we başga-da dokuz adam terrorist toparyny gurnamakda, bilkastlaýyn adam öldürmekde, ýaraglary hem-de partladyjy maddalary bikanun saklamakda we ulanmakda günäli tapylypdylar.

Moskwadan Sank-Peterburga gatnaýan “Newskiý Ekspress” otlysynda amala aşyrlan bomba partlamasynda 27 adam ölüp, başga-da 150-si ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG