Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: 19 ýangyn söndüriji öldi


ABŞ-nyň Arizona ştatynda ýangyn söndüriji edarasynyň 19 işgäri öldi.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýangyn söndüriji edarasynyň işgärleri Ýarnel şäherçesindäki dörän ýangyny söndürmäge synanyşanlarynda heläk bolupdyrlar.

Şeýle-de dörän bu ýangynyň çaltlyk bilen daş-töwerege ýaýramagy netijesinde ýekşenbe güni 50 töweregi ýaşaýyş jaýy ewakuasiýa edildi.

ABŞ-nyň ýerli metbugatynyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýangyn 800 gektardan gowrak ýere çenli ýaýrapdyr.

Bu ýangyn ABŞ-nyň Arizona ştatynda anna güni döräpdi. Howanyň gyzgynlygy we güýçli ýel sebäpli ýangyn çaltlyk bilen daş-töwerege ýaýrady.
XS
SM
MD
LG