Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ölüm jezasyny dikeldýär


Pakistanyň täze administrasiýasy jezalandyryşa girizilen gadagançylygy ýatyrdy.

Içeri işler ministrligiň metbugat wekili Umer Hameedyň penşenbe güni aýtmagyna görä, täze hökümet “jezalandyryş bilen bagly işleriň ählisine ýagdaýa laýyk çemeleşmek” kararyna gelipdir. Ol öz jezasyna garaşýanlar babatynda amnistiýanyň bolmajakdygyny hem habar berdi.

Ölüm jezasy prezident Asif Ali Zardariniň “Pakistanyň halk partiýasy” atly syýasy toparynyň ýolbaşçylygyndaky öňki hökümet tarapyndan ýatyrylypdy. 30-njy iýunda bu kararyň möhleti doldy.

Adam hukuklaryry goraýjy “Amnesty International” guramasy bu karary “geň galdyryjy yza gaýdyş” diýip häsiýetlendirdi we maratoriýi uzaltmagy talap etdi. Guramanyň maglumatyna görä, Pakistanda ölüm jezasyna höküm edilen 8 000-e golaý tussag bar.
XS
SM
MD
LG