Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hytaý bilen dostluk baldan süýji"


Premýer-ministr Nawaz Şarif Pakistanyň Hytaý bilen gatnaşyklary baldan hem süýji diýýär.

Şarif bu sözleri anna güni, Pekinde Hytaýyň premýer-ministri Li Kekiaň bilen duşuşanda aýdypdyr.

Şarif parlament zalynda çykyş edip, “Biziň dostlugymyz Gimalaýdan beýikdir, dünýädäki iň çuň deňizden hem çuňdur we baldan datlydyr" diýipdir.

Bu Şarifiň partiýasy Pakistanda maýda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanaly bäri onuň daşary ýurda edýän ilkinji saparydyr.

Pakistan bilen Hytaý ýakyn diplomatiki we harby ýaranlar bolup durýar.

Hytaý Karakoram ýoluny bejermek we gowulandyrmak bilen meşgul, bu ýol iki ýurduň arasynda gurulýan ykdysady koridoryň bir bölegi hasaplanýar.

Şeýle-de Hytaý, şu ýylyň başyndan bäri, Pakistanyň Arap deňzindäki Gwadar portunyň operasiýalaryna jogap berýär.
XS
SM
MD
LG