Sepleriň elýeterliligi

Stambuldaky Magtymguly kitaphanasy


Erdogan Aslyýüje we Azaltyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan.

Erdogan Aslyýüje we Azaltyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan.

Stambulyň “Ahmet Ýasawy medeniýet merkezi” diýip atlandyrylýan ýadygärlikler toplumynda “Magtymguly” kitaphanasy ýerleşýär. Ahmet Ýasawy adyndaky fond 1993-nji ýylyň mart aýynda döredilipdir.

Agzalýan ýadygärlikler toplumynda 1997-nji ýylda dikeldiş hem-de oňaryş işleri geçirilýär. Şondan soň hem "Ahmet Ýasawy medeniýet merkeziniň" kitaphanasynyň adyny “Magtymguly” diýip atlandyrylýar.

Azatlyk Radiosy bu kitaphana Magtymguly adynyň dakylmagynyň sebäpleri barada “Ahmet Ýasawy medeniýet merkeziniň” ýolbaşçysy Erdogan Aslyýüje bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Erdogan Aslyýüje, Ahmet Ýasawy adyndaky ýadygärlikler toplumyndaky bir kitaphana Magtymgulynyň adyny goýmagyňyzyň sebäbi näme?

Erdogan Aslyýüje

Erdogan Aslyýüje

Erdogan Aslyýüje: Magtymguly meniň dädem. Magtymguly, türk dünýäsiniň abraýly aksakgaly. Özi hem Ýasawy derwüşidir. Magtymguly ömrüni türkmeniň agzybirligine bagyş eden we bu ugurda göreşen bir ägirtdir. Meniň pikirime görä, Magtymguly diňe bir şahyr däl. Eýsem, ol beýik derwüşdir.

Kitaphana Magtymgulynyň adyny dakjak bolanymyzda şeýle pikir etdik; Magtymgulynyň ýolunda dünýäniň niresinde bir musulman türk bar bolsa ýa-da dünýäniň niresinde türk bolmaýan musalman bar bolsa şolara olaryň derdine derman bolalyň diýdik.

Azatlyk Radiosy: Erdogan Aslyýüje, ynha şu wagt oturan ýerimizde kitaphananyň bosagasynda "Magtymguly kitaphanasy“ diýen ýazgy bar. Magtymguly kitaphanasynyň ýerleşýän ýerini dünýä Türkmenlerine nähili salgy berip bolar?

Erdogan Aslyýüje: Bu ýer Türkiýe döwletinde ýerleşýän dünýäniň şäherleriniň göwher gaşy, Aziýa bilen Ýewropanyň bogaza ýanaşýan ýeri bolan Stambulyň Ýewropadaky böleginde ýerleşýär. Soltanahmet meýdançasyna ýetmegiňe iki ýüz elli metr galanda, Stambuldaky iň gadymy taryhy ýerleriň birinde.

Bu ýerde 527-nji ýylda gurlan Kiçi Aýasofiýa atly gadymy bir ybadathana bar. Ýadygärlikler toplumy bolsa ynha şol, metjide öwrülen ybadathananyň ýanynda ýerleşýär. Bu ýädygärlikler taryhda “Darül Süheda Hüseýin aga medresesi” diýip atlandyrylypdyr. Bu ýadygärlikler toplumynda ussatlar ýaşapdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Magtymguly kitaphanasy haçandan bäri işläp gelýär?

Erdogan Aslyýüje: Ahmet Ýasawy adyndaky fond 1993-nji ýylyň 1-nji martynda döredildi. Biz bu jaýy almankak bu ýerde Stambuldaky öýsüzler ýaşaýardy. Biz togsan üç günläp öýsüzleri bu ýadygärlikler toplumyndan çykarmak üçin tagalla etdik.

Şondan bärem bu ýer Hoja Ahmet Ýasawy medeniýet merkezi hökmünde hyzmat berip gelýär. Bu ýeriň dikeldiş hem oňaryş işleri bolsa 1997-nji ýylda tamamlandy. Ynha şondan bärem bu kitaphana Magtymgulynyň adyny göterip gelýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňize görä Magtymgulynyň nähili ähmiýeti bar?

Magtymguly kitaphanasy

Magtymguly kitaphanasy

Erdogan Aslyýüje: Türk dünýäsiniň ýagny türki halklaryň umumy ruhy hem milli gymmatlyklary bar. Gynansagam, Türkiýede hem türki halklaryň arasynda bu gymmatlyklar kän gowy bilinenok.

Şonuň üçinem Ahmet Ýasawy medeniýet merkezimizdäki kitaphana we bölümlere Magtymgulydan başlap: Hoja Ahmet Ýasawy, Manas, Gorkut Ata, Sary Saltyk, Somunjybaba, Öwülýä Çelebi, Keýiklibaba ýaly atlary dakyp, bu ýere gelenleriň milli hem ruhy gymmatlyklarymyz bilen gyzyklanmagyny we öwrenmegini isledik.

Meselem, bu ýere gelenler Magtymgulyny soraýarlar. "Biz bu ady birinji gezek eşitýäris. Magtymguly kimdir?' diýip soraýarlar. Biz hem şeýle jogap berýäris: "Ýunus Emräni bilýäňizmi? Türkiýede ýaşaýanlar Ýunus Emreden iň azyndan bir topbak şygyr ýatdan bilýär.

Siz Türkiýede Ýunus Emräni nähili bilýän bolsaňyz, Türkmenistandaky türkmenler Magtymgulydan iň azyndan iki-üç topbak şygyr bilýärler. Magtymguly, Türkmenistanyň Yunus Emresidir.“ Biz ynha Magtymgulyny Türkiýede kitaphana gelip-gidýänlere şeýle tanatýarys.

Magtymguly diňe Türkmenistanda däl, eýsem Ulug Türkistanyň hemme ýerinde bilinýän bir akyldardyr. Türkler, Magtymguly ýaly ägirtleri we öz taryhyny bilmese, käbir mysallarda görülişi ýaly taryhyň harabalyklarynyň arasynda ýitip giderler.

Biz gynansak-da, öz milli hem ruhy gymmatlyklarymyzy ünsden düşürdik, ana şonda yzagalaklyklar hem kynçylyklar başlady. Biz munuň bir mysalyny 1880-nji ýyllardaky Gökdepe urşunda gördük. Orslar şol wagt döwrüň ösüşinden peýdalanýardy. Orslarda döwrebap toplar bardy. Gökdepede türkmenleriniň hem bir topy bardy we ady Mis top.

Gökdepe söweşlerinde türkmenler orslardan toplar olja alypdyrlar. Türkmenlerde Gökdepe galasyndaky toplary ulanyp biläýjek hünärmen bolmandyr.

Şonuň üçinem Gökdepede türkmenleri orslaryň top güllerine garşy gylyç bilen söweşipdirler. Bilimli bilen bilimsiziň göreşinde bilimli gazanýandyr. Ynha şonuň üçinem Magtymguly kitaphanamyz bilen ylym-bilim öwrenmek isleýän adamlara hyzmat berip otyrys.
XS
SM
MD
LG