Sepleriň elýeterliligi

Snowdende ‘entegem maglumat bar’


Edward Snowden bilen söhbetdeşlik geçiren we onuň elindäki käbir gizlin maglumatlary gören žurnalistiň aýtmagyna görä, Snowdende heniz çap edilmedik, ABŞ-nyň “belasy” bolup biljek maglumatlar bar.

"The Guardian" neşiriniň žurnalisti Glenn Greenwald “Snowdeniň elindäki maglumatlar bilen, bir minutda ABŞ-nyň hökümetine hiç bir adamyň ýetirip bilmejek zyýanyny edip bolýar” diýip, interwýu berdi.

Argentinanyň “La Nacion” gazetine beren interwýusynda Greenwald “Snowdeniň Waşingtona zyýan ýetirmezlik maksady bilen, bu maglumatlary çap etmezlik kararyna gelendigini” hem sözüne goşdy.

Üç hepdeden bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda gizlenýän Snowden anna güni çykyş edip, Russiýadan gaçybatalga almak isleýändigini aýtdy.

ABŞ Snowdeni içalyçylyk aýyplamalary esasynda suda çekmek isleýär.
XS
SM
MD
LG