Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika: “Zetasyň” lideri tutuldy


Miguel Angel Trewino Moralesň suratlary.
Miguel Angel Trewino Moralesň suratlary.
Meksikanyň resmileri “Zetas” atly meşhur neşe karteliniň ýolbaşçysynyň tutulandygyny habar berýärler.

Meksikanyň hökümeti Miguel Angel Trewino Moralesiň ABŞ-nyň serhedine golaý Nuewo Laredo şäherinde tutulyp, tussaglyga alnandygyny aýdýar.

“Zetas” karteli Meksikanyň ýörite maksatlar üçin niýetelen ozalky harby gullukçylary tarapyndan esaslandyrylypdy. Ol ýurduň iň kuwwatly we howply jenaýat guramasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu topar öz garşydaşlaryny dardan asmak we olaryň kellesini çapmak ýaly çäreleri bilen tanalýar.

“Z-40” lakamy bilen hem tanalýan Trewino Morales toparyň başyna geçen ýyl geçipdi. “Zetasyň” ozalky lideri 2012-nji ýylyň oktýabrynda hökümet güýçleri bilen atyşykda öldürilipdi.

Mundan öň, ABŞ-nyň hökümeti Trewino Moralesiň tutulmagyna hemaýat berjek maglumat üçin, 5 million dollar möçberinde pul baýragyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG