Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Türkmen obasy gabawda


Homs şäherinde weýran bolan bir jaý
Homs şäherinde weýran bolan bir jaý
Siriýada içerki urşuň ol ýurtda ýaşaýan türkmen köpçüligine hem öz oňaýsyz täsirini ýetirmäge dowam edýändigi nygtalýar. Bu sebäpden siriýa türkmenleriniň belli bir böleginiň hem goňşy ýurtlarda bosgun ýagdaýa düşendigine üns çekilýär.

Sirýada türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde başlan çaknyşyklaryň aýgytly sepgitlere ýetendigi barasynda häli-şindi dürli habarlap gelip dur.

Golaýda ýagny Oraza aýynyň başynda Tartus we Homus şäherleriniň ortasynda ýerleşýän möhüm strategiki ähmiýete eýedigi nygtalýan Zara atly türkmen obasynyň hökümet we “Hizbullah” güýçleri tarapyndan hüjüme duçar bolup, häzir bolsa şol obanyň gabaw astynda tutulýandygy habar berilýar.

Şeýle habarlary dünýä köpçüligine ýetirmeklik üçin şol ýerde ýaşaýan sirýaly türkmen Ziýad, Azatlyk Radiosy bilen ýörite aragatnaşyga geçip, Zara atly türkmen obanyň başdan geçirýän ýagdaýlary barada maglumatlar berdi.

Azatlyk Radiosy: Ziýad, ilki bilen Zara obasy barada maglumat berseňiz? Zara obasynda kimler ýaşaýar we nirede ýerleşýär?

Ziýad: Siriýada şu wagt gabawda kyn ýagdaýda galan obanyň ady Zara we ol türkmen obasy. Obanyň ilaty on müň. Zara obasy, Siriýada Homus bilen Tartusyň ortasynda ýerleşýär.

Şu wagt ol ýerde ýigrimi bäş müň halk ýaşaýar. Munuň on müňi obanyň ýerli ýaşaýjylary bolan türkmenler. Galan on bäş müň bolsa oba gelen we dürli milletden bolan bosgunlar.

Biz eýýäm ýirgimi alty – ýigrimi ýedi aý bäri kyn ýagdaýda. Sebitiň demografiýasy gaty bulaşyk. Homusdan Zara obasyna çenli uzaklyk 50 km. Zaranyň gündogaryndaky hemme obalar Şebbiha, ýagny Assadyň adamlary, hökümet tarapdarlary, şaýy ýaşaýyş ýerleri.

Demirgazyk tarapymyzda Hama çenli bolan obalaryň hemmesi hem ýene Şebbihalar. Günbatar tarapymyzda Tartusa çenli 50 km. aralykdaky yaşaýyş ýerleri hem ýene Şebbiha, ýagny Assadyň tarapdarlary.

Günorta tarapymyzda bolsa 7 km. uzaklykda Liwan ýerleşýär. Liwana çenli bolan aralykdaky obalar hem Şebbihalaryň elinde. Ol sebitde şaýylar we “Hizbullah” täsirli ýagdaýda. Siriýanyň Liwan serhedinde hem bir türkmen oba bar ady – Halat.

Şol türkmen obanyň bäş müň ilaty bardy. Ýöne Halat obasynyň türkmenleri uruş sebäpli Liwana göçüp gitdiler. Häzirki ýagdaýda Zara obasy režimiň tarapdarlarynyň arasynda, ýagny oduň ortarasynda galdy.

Kalat we El-Hasan obalary hem soňky iki hepdäniň dowamynda režimiň eline geçdi. Şondan bärem bütin basyşlary biziň obamyza gönükdirdiler. Kalat we El-Hasan obalary hem bir ýyl boýunça bombalandy. Biziň Zara atly türkmen obamyzyň töweregi hem yzgiderli bombalanyp durdy.

Azatlyk Radiosy: Ziýad, Zara obasyna haçan we nähili hüjim edildi? Ol ýerde näme bolup geçdi?

Ziýad: Oraza aýynyň birinji güni ir bilen sagat ýedide Siriýa režiminiň güýçleri, ýagny Assadyň adamlary Zarany ele geçirmek islediler. Obanyň gündogar tarapyndan 12 tank bilen hüjüme geçdiler.

Biziň türkmen ýigitlerimiz olaryň öňünden çykyp, berk gaýtawul berip, hüjümlerini yza serpikdirdiler. Söweş ýüzbe-ýüz bolan mahaly siriýa türkmenleriniň bir ýigidi duşmanlaryň ýüz adamyna taý gelýär.

Söweşiň birinji gününde bizden ýedi adam şehit boldy. Assadyň adamlaryndan näçe ýitgi boldy ony bilemzok. Biziň türkmen ýigitlerimiz on iki sany tanky ýakdylar we iki sany tanky hem ele geçirdiler. Gynansagam gaty agyr günleri başdan geçirdik.

Owal obamyzyň daş-töweregi bombalanýardy. Bu wakadan soň bolsa obamyzyň merkezi bombalandy. Kyrk-elli sany ýaralymyz bar. Gynansagam ýigrimi bäş müň adama ol ýerde diňe bir doktor hyzmat berýär.

Bu ýagdaý ýigrimi dört-ýigrimi bäş aýdan bäri şeýle dowam edip gelýär. Oraza aýynyň ikinji güni Assadyň adamlarynyň türkmen obasy Zara girip bilmejekdiklerine gözleri ýetdi. Şol sebäpdenem oba iki müň sany raketa we bomba atdylar.

Şonda oňa bir minutda on-on iki raketa düşdi. Şeýle gaty agyr şertlerde ýaşadyk. Ondan soň obadan ýigrimi adam, ýagny obanyň ymamy, mugallymlar, aklawçylar ýaly öňdebaryjy adamlary jemlenip, Assadyň adamlary bilen parahatçylyk gepleşigini geçirmäge iki ulaga münip gitdiler.

Assadyň adamlarynyň iki sany harby gözegçilik nokady bardy. Biziň ýaraşyk toparymyz Zara köprüsindäki birinji harby nokatdan arkaýyn geçdiler. Olara hiç zat diýmän geçirdiler. Assadyň adamlarynyň ikinji harby nokady bolsa Hajer-al-Abýap, ýagny Akdaş atly şaýy obasyndady. Biziň obamyzdan 3 km. uzaklykda ýerleşýär. Biziň ýaraşyk toparymyz şol harby nokada baranlaryna olara ot açdylar.

Parahatçylyk gepleşigi geçirmäne giden ýigrimi adamdan üç sanysy gaçyp gutuldy. Olardan dokuz sanysy şehit boldy. Galanlary bolsa ýitirim boldular. Olaryň ykbaly barada hiç hili maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Ziýad, Sirýadaky türkmen obasy Zara şu wagt Assadyň adamlary tarapyndan gabawda diýdiňiz, şu wagt obada ýagdaý nähili?

Ziýad: Aragatnaşyk gaty çäkli. Hiç ýerden habar alyp bilemizok. Düýn Assadyň adamlary bize ýanan tanklary bersek, ol ýerde şehit bolanlarymyzyň naşlaryny gaýtaryp berjekdiklerini aýtdylar.

Dünýäde bolup geçýän wakalardan biz bihabar. Elektrik kesilýär. Telefon bilen aragatnaşygy saklajak bolýarys. Ýöne elektik we telefon ýeterlik ýagdaýda bolmansoň, kompýuterlerimiz hem işlänok. Aragatnaşyk ynha şular ýaly kynçylykly hem çäkli ýagdaýda.

Azatlyk Radiosy: Ziýad, Zara obasy gabawa alynyp, hüjümlere duçar edilýän bolsa, kömek sorap ýüz tutan ýeriňiz boldumy?

Ziýad: Türkiýede siriýa türkmenleriniň mejlisi bar. Meniň özüm şolara maglumat berdim. Ýöne olaryň soň näme edenini bilemok. Ankarada we Gaziantepde tanyşlarymyz bar. Ýöne olaryň biziň ýagdaýymyz barada bir iş-alada edip etmäninden hem habarymyz ýok.
XS
SM
MD
LG