Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Nawalnyý saýlawlara taýýarlanýar


Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý, Moskwanyň Ýaroslawskiý demirýol wokzalynda, 20-nji iýul, 2013.
Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý, Moskwanyň Ýaroslawskiý demirýol wokzalynda, 20-nji iýul, 2013.

Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý Moskwa gaýdyp bardy. Penşenbe güni Kirowda Nawalny ogurlykda günälenip bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol anna güni bolsa tussag astyndan goýberilipdi. Nawalnyý sentýabr aýynda Moskwanyň meri wezipesine geçiriljek saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşar.

Otlydan düşen badyna öz tarapdarlary tarapyndan şowhun bilen garşy alynan Alekseý Nawalnyý özüne berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi .

“Biziň tussaglykdan boşadylmagymyzy siz gazandyňyz”, diýip Nawalnyý aýtdy. Şeýle-de, ol orsýet halkynyň uly güýje öwrülip barýandygyny, adamlaryň özleriniň täsirliligine göz ýetirip has kuwwatlanýandygyny, häkimiýetleriň bolsa muňa gaharlanýandygyny belledi.

Şeýle-de, Nawalnyý Moskwanyň meriniň saýlaw kampaniýasy barada sözledi. Ol bu saýlawlara gatnaşmagynyň, wagtlaýyn bolsa-da, özüniň tussaglykdan boşadylmagyna ýardam berendigini belledi we bu pursadyň “beýleki syýasy tussaglar” boşadylýança dowam etmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Syýasy tussaglary boşatmak

“Men soňunda ýene bir zat aýtmak isleýärin. Öňümizde uly we agyr saýlaw kampaniýasy dur. Biz ýedi hepdäniň dowamynda yzygiderli iş alyp barmaly bolarys. Bu bolsa, işiň diňe başlangyjydyr. Geliň, syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etmek üçin diňe bir wagtal-wagtal çykyş etmek bilen çäklenmäliň. Bolotnaýa meýdançasyndaky protestler sebäpli tussag edilenler türmeden otyrlar, Alehina we Tolokonnikowa, Hodorkowskiý we Lebedew türmede otyrlar. Biz olaryň ählisini türmeden çykarmaly”, diýip Alekseý Nawalnyý aýtdy.

2012-nji ýylyň maý aýynda Wladimir Putiniň prezidentlik wezipesine gaýtadan geçmegine garşy geçirilen protestlere gatnaşan 27 adam häzirki wagtda türmede otyr.

Moskwanyň baş kelisasynda Putine garşy aýdym aýdandygy üçin tussag edilen we 2012-nji ýylda huliganlykda aýyplanyp türmä höküm edilen “Pussy riot” atly pank toparynyň iki agzasy türmede galýar.

Orsýetiň syýasatynda aktiw hereket eden Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda türmä höküm edilipdi. Onuň tussaglyk möhleti 2017-nji ýylda dolýar.

Moskwa meriniň saýlaw kampaniýasy

Alekseý Nawalnyý Moskwa gelen badyna eden bu çykyşynda paýtagtyň häkimi wezipesine geçiriljek saýlawlarda özüniň ýeňiş gazanjagyna ynam bildirdi.

Nawalnynyň Moskwa dolanyp barmagy onuň üçin örän çylşyrymly bolan hepdäni soňlady.

Hepdäniň çarşenbe güni onuň Moskwanyň meri wezipesine dalaşgär hökmünde hasaba alynandygy barada karar yglan edildi.

Çylşyrymly hepde

Penşenbe güni Nawalnyý Moskwadan 760 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kirow şäherinde sud edilip, 2009-njy ýylda regionyň gubernatorynyň geňeşçisi bolup işlän döwründe ýerli şirketleriň birinden 16 million rubl ýagny 500 000 dollar möçberde pul ogurlamakda günälendi. Sud Nawalnyny bäş ýyl türme tussaglygyna, onuň bilen bile sud edilen Petr Ofiserowy bolsa dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Hepdäniň anna güni Kirow şäheriniň ýene bir sudy Nawalnynyň alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini sorap çykyş eden prokuroryň ony suduň karary güýjüne girýänçä tussaglykdan boşatmagy sorap eden arzasyny kanagatlandyrdy we Nawalnyny wagtlaýyn boşatmak kararynyny yglan etdi.

Nawalnynyň otluda Moskwa golaýlan wagtynda Moskwanyň polisiýasy näbelli bir adam tarapyndan jaň edilip, Ýaroslawskiý wokzalynda bombanyň goýlandygy barada habaryň berlendigini mälim etdi, emma yzýany munuň galp duýduryş bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG