Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ýitgiler köpelýär


Siriýadaky gazaply söweşlerde ençeme adam öldürildi. Siriýanyň adam hukuklaryny goraýan oppozisiýadaky merkeziniň habar bermegine görä, Damaskyň çetinde Adradaky söweşiji güýçleriniň nyşana alynmagy netijesinde 49 adam öldürilipdir.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatlarynda, bu hüjümde Al-Nusra frontunyň yslamçy söweşijilerine zarba urulandygy bellenýär.

Şeýle-de, Siriýanyň demirgazygyndaky Ariha şäherçesinde hem hökümet güýçleriniň bombaly hüjümleri netijesinde 20 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär. Ariha şäherçesinde esasan hem oppozision söweşijiler agdyklyk edýär.

Siriýanyň premýer-ministriniň orunbasary Kadri Jamiliň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek üçin duşenbe güni Moskwa sapar etmegine garaşylýar.

Orsýet Siriýa režiminiň ýarany bolup, ony ýarag bilen üpjün edýär. Şol bir wagtda, soňky döwürlerde Orsýet Birleşen Ştatlar bilen birlikde Siriýanyň parahatçylyk konferensiýalaryny geçirmek barada tagalla edipdi.
XS
SM
MD
LG