Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň sudy garaşsyzlygyny nädip saklaýar?


ABŞ-nyň Baş sudýasy Elena Kagan.
ABŞ-nyň Baş sudýasy Elena Kagan.
ABŞ-nyň Baş sudunda goşunyňky ýa polisiýanyňky ýaly güýç ýok, onuň maliýe taýdan hem täsiri ýok. Emma ABŞ-nyň sudy iki asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň Konstitusiýasyny kepillendirip gelýän täsirli güýç bolmagyna galýar. Baş sudýalar köplenç ýurduň ýolbaşçylary bilen hem ýüzbe-ýüz bolup, olaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmazlygyna gözegçilik edýärler.

Amerikan sudy nädip öz garaşsyzlygyny gazandy we nädip garaşsyzlygyny uzak wagtlap saklaýar? Bu tejribe sud sistemasynyň garaşsyz bolmagyny isleýän ýurtlara nähili sapak berip biler?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Baş sudýasy Elena Kagan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Postsowet döwletleriniň köpüsinde sud sistemasy häkimiýetlere garaşly. Garaşsyz sud ulgamyny döretmek isleýän ýurtlara siz nähili maslahat berip bilersiňiz?

Elena Kagan: Garaşsyz sud sistemasyny döretmek agyr, emma edeniňe degýän iş. Bu uzaga çekýän bir proses. Bu hiç bir ýurtda soňuna ýetip bolmajak bir proses. Biz bar zady gowulandyryp bilýäris. Bu ýolda böwetler hem bolýar, problemalar hem ýüze çykyp bilýär. Emma biz kanunyň hökmürowanlygyna we suduň garaşsyzlygyna esaslanýan sistemanyň bolmagyna we onuň jemgyýete hyzmat etmegine tarap ymtylýarys. Jemgyýetiň azatlygy, abadançylygy we durnuklylygy hut şuňa bagly.

Azatlyk Radiosy: Suduň garaşsyzlygyny nädip gazanmaly?

Elena Kagan: Bu garaşsyz suduň iň uly syry we sistemanyň medeniýetine bagly. Biziň ozalky prezidentlerimiziň biri Andrew Jakson sudlaryň cykaran kararlaryna boýun bolmak islemeýärdi. Ol iň meşhur kararlaryň birinde “sud karar çykaran bolsa, goý, indi ony berjaý etsin” diýip aýdypdy. Bu bolsa onuň suduň kararyny berjaý etmek üçin barmagyny gymyldatmagy-da islemändigini aňladypdy. Hakykatda ol suduň çykaran kararynyň durmuşa geçirilmeginiň we onuň ähmiýetli bolmagynyň öňüni almak üçin elinden gelenini etmekçidi. Aslyýetinde sudlarda goşunyňky ýaly güýç ýok. Sudlarda maliýe güýji hem ýok, olar büjete gözegçilik etmeýärler. Şeýlelikde, suduň çykaran kararlarynyň täsirli bolmagyna näme sebäp bolýär diýen sorag döreýär. Bu ulgamyň işlemegi üçin beýleki gatnaşyjylar we halk kararlara uly hormat goýup, haýsy-da bir zat bilen razylaşmaýan bolsa-da, sistemanyň diňe kararlaryň berjaý edilen ýagdaýynda işläp biljegine düşünmeli.

Azatlyk Radiosy: Korrumpirlenen sistemada arassa sudýa bolmak mümkinmi?

Elena Kagan: Tutuş jemgyýet korrupsiýa batan halatynda sudlar üçin arassa bolmak kyn. Men tutuş hökümetiň korrumpirlenen, emma sudlaryň adalatly bolup galan haýsydyr bir ýurduny bilýändirin öýdemok.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlarda möhüm sud işleri ýokardan berilýän görkezmeler esasynda çözülýär. Şeýle jemgyýetlerde sud ulgamynyň garaşsyz bolmagyny nädip gazanyp bolar?

Elena Kagan: Bu kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan sistema ters gelýär. Bu sistema sudýanyň, suduň çykaran karary – kanunyň güýjüne däl-de, kanunyň prinsiplerine esaslanmaly diýýär. Yagny, kararlar bu işiň çözgüdini öňünden kesgitlemäge ýykgyn edýän haýsy-da bolsa bir tarapyň islegine görä çykarylmaýar. Sud sistemasynyň garaşsyzlygyna onuň häkimiýetlere garşy durmak ukybynyň we isleginiň esasynda, ýagny onuň häkimiýetler öz ygtyýarlygynyň çäginden çykdy diýip, olary jogapkärçilige çekmek we [häkimiýetleriň] isleglerine boýun bolmazlyk [ugrundaky kanuny] hereketleriniň esasynda baha berip bolar.
XS
SM
MD
LG