Sepleriň elýeterliligi

Obama senatorlaryň Müsüre gitmegini soraýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama respublikan senatorlary Jon MakKeýnden we Lindseý Grahamdan Müsüre sapar edip, ol ýerde häzirki ýolbaşçylar we oppozisiýa bilen duşuşmaklaryny sorady.

Sişenbe güni Graham MakKeýn bilen birlikde geljek hepde Müsüre sapar etmäge synanyşjakdyklaryny tassyklady. Iki resmi hem Senatyň Ýaragly güýçler komitetiniň agzalarydyr.

Iýul aýynyň başynda prezident Mohammad Morsiniň häkimiýetden agardylmagy bilen, Müsürde ýagdaýlar barha dartgynlaşyp başlady. Morsiniň tarapdarlary bilen onuň garşydaşlary arasyndaky çaknyşyklarda onlarça adam heläk boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton Müsüre eden saparyny sişenbe güni tamamlady. Aşton saparynyň dowamynda Morsi bilen hem duşuşypdy.

Morsiniň saklanylýan ýeri äşgär edilmeýär.
XS
SM
MD
LG