Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Ysraýyl barada çykyş etdi


Eýranyň wezipesi tamamlanyp barýan prezidenti Mahmud Ahmedinejad Ysraýyly “kökünden ýok etmek” üçin regional tüweleýiň gelýändigini aýtdy. Ysraýyl regionda Eýranyň baş bäsdeşi hasaplanýar.

Ahmedinejad bu barada anna güni Tähranda geçirilen Halkara Kuds gününiň üýşmeleňinde belläp geçdi.

Eýranyň ýekşenbe güni prezidentlik wezipesine girişjek täze prezidenti Hassan Rohani hem mundan ozal Ysraýyl barada haýbatly sözler aýdypdy.

Ýarym resmi “ISNA” habar agentliginiň Rohaniniň sözlerine salgylanyp beren maglumatynda, “Sionist režim köp wagtdan bäri yslam dünýäsinde bir ýara bolup gelýär we bu ýaradan hem dynmaly” diýilýär.

Tähranda Kuds güni palestinanyň halkyna raýdaşlyk görkezmek maksady bilen ABŞ-nyň we Ysraýylyň baýdaklary ýakylyp, uly mitingler geçirilip bellenýär.

Şeýle-de, Kuds gününe bagyşlanyp dünýäniň beýleki musulman ýurtlarynda hem mitingler geçirildi.
XS
SM
MD
LG