Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin hökümi "geň görýär"


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz tankytçysy Alekseý Nawalnä bäş ýyl türme tussaglygynyň berlip, şol iş boýunça derňelen, emma Nawalnä garşy görkezme beren adamyň şertli tussaglyga höküm edilişini geň görendigini aýtdy.

Putin anna güni Siligerde, Moskwanyň demirgazygyndaky Twer sebitinde Kremliň ýaş aktiwsitler üçin gurnan lagerinde çykyş edip, ýaş aktiwistleriň beren soragyna jogap berende ne Nawalnyny, ne-de onuň iş şärigi bolan Wýaçeslaw Opalewi agzady.

Nawalny geçen aý bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, bu höküme esasan Opalewiň görkezmesi delil hasaplanyldy.

Opalew onuň Kirow sebitindäki agaç zawodyndan ýarym million dollar möçberinde serişde ogurlamak barada dil düwüşenligi barada görkezme beripdi.
XS
SM
MD
LG