Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dýuk Jorj aradan çykdy


Meşhur jaz sazandasy we prodýuser Jorj Dýuk 67 ýaşynda aradan çykdy.

Dýukyň wekilleriniň sişenbe güni beren maglumatynda, sazandanyň öten agşam aradan çykandygy mälim edilýär.

Dýuk 40 ýyllyk iş ýolunyň dowamynda rok hem-de R&B aýdym-saz ugrunda işleýän sazandalar bilen hem işleşdi.

Dýuk Fran Zappanyň birnäçe albomynda saz çaldy. Şeýle-de, ol Maýkl Jeksonyň 1979-nji ýylda neşir edilen “Off the Wall” albomynda hem onuň bilen işleşipdi.

Jaz sazandasy Dýuk ömrüniň dowamynda 30-dan gowrak albom çykardy.
XS
SM
MD
LG