Sepleriň elýeterliligi

Adam gaçakçylary tutuldy


Ispan polisiýasy hytaýly migrantlary Ýewropa we Birleşen Ştatlara aşyrmak bilen meşgullanýan adam gaçakçylarynyň üstüniň açylandygyny aýdýar.

Polisiýanyň şenbe güni çap eden beýanatynda Ispaniýada we Fransiýada bu iş boýunça 75 adamyň tutulandygy aýdylýar.

Şol sanda bu toparyň Ýewropadaky esasy işgärleri hem ele salnypdyr. Olar Ispaniýanyň Barselona portynda ýerleşen ekenler.

Polisiýa Aziýa ýurtlaryna degişli onlarça galp pasporty hem ele saldy.
XS
SM
MD
LG