Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan "Bütindünýä gözellik" bäsleşiginde


"The Miss World" bäsleşiginde Özbegistana wekilçilik etjek Rahyma Ganiýewa

"The Miss World" bäsleşiginde Özbegistana wekilçilik etjek Rahyma Ganiýewa

Şu ýyl Özbegistan indi ilkinji gezek “The Miss World”, ýagny “Bütindünýä gözellik” bäsleşigine gatnaşýar. Bu bäsleşikde Özbegistana Rahyma Ganiýewa atly gözel wekilçilik edýär.

Daşkentde doglan Rahima Ganiýewa 20-nji iýulda Özbegistanda geçirilen gözellik bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Özbegistanda geçirilen bu bäsleşik üç tapgyrdan ybaratdy.

Onuň birinji tapgyrynda dalaşgärler özbek milli eşiklerinde emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň öňüne çykdylar.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda dalaşgär gyzlar şagalaňly oturlyşyklar üçin niýetlenen lybaslary bilen sahnada ýöriş geçirdiler. Soňra-da dabaraly gijelere niýetlenen lybaslarynda emin agzalary bilen söhbetdeşlik geçirip, olaryň beren soraglaryna jogap bermäge synanyşdylar.

Bäsleşigiň netijesinde, “Özbegistanyň iň owadan gyzy” diýen statusa eýe bolan Rahima Ganiýewa, häzirki wagtda “Bütindünýä gözellik” bäsleşigine gatnaşmaga taýýarlanýar. Bu bäsleşik 28-nji sentýabrda Indoneziýanyň Bogor şäherinde geçiriler.

“The Miss World” bäsleşiginiň websahypasynda berilýän maglumata görä, Ganiýewanyň watanynyň aýratynlyklary barada bäş sany gyzykly maglumat bellenilip geçilýär. Olar şulardan ybarat:

1. Özbek aýal-gyzlarynyň salamlaşanda, sag elini ýüreginiň üstünde goýup salamlaşmagy.

2. Algebrany oýlap tapan Al-Harezminiň şu günki Özbegistanyň territoriýasynda doglandygy.

3. 2002-nji ýylda Özbegistanyň Kaşgaderýa we Samarkant regionlarynda 2700 ýyl öň gurlandygy çak edilýän gadymy piramidalaryň tapylandygy.

4. Özbegistanyň dünýä okeanyna çykmak üçin iki ýurduň üstünden geçmeli ýurtlaryň biridigi. Şeýle ýurtlardan dünýäde diňe iki ýurt bolup, Olaryň beýlekisiniň Lihtenşteýndigi.

5. Bäşinji aýratynlyk-da, Özbegistanda çöregiň hiç haçan ters goýulmaýanlygyndan ybarat.

Özbegistan Merkezi Aziýadan “Bütindünýä gözellik” bäsleşigine gatnaşýan üçünji ýurtdur. Gazagystan bilen Gyrgyzystan eýýäm birnäçe ýyl bäri bu bäsleşige gatnaşyp gelýär.

“The Miss World” bäsleşigi dünýäniň iň belli gözellik bäsleşigidir. Geçen ýyl bu bäsleşik Hytaýyň Ordos şäherinde geçirilipdi we onuň ýenijisi hytaýly gözel Ýu Wenksia boldy.
XS
SM
MD
LG