Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Şäher geňeşinde dawa turdy


Kiýewiň şäher geňeşiniň duşenbe güni geçiren maslahaty oppozision deputatlaryň we howpsuzlyk güýçleriň arasynda uruş bilen tamamlandy. Bu maslahata goýberilmedik deputatlar aýnany döwüp jaýa girmäge synanyşypdy.

Oppozision kanun çykaryjylar Kiýew şäheriniň geňeşiniň maslahatlaryny ençeme aýlap böwetläp gelýärler, olar geňeşe we Kiýewiň häkimi wezipesine saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini talap edýärler.

Şäher geňeşiniň häzirki düzüminiň möhleti iýun aýynda doldy. Ozalky saýlawlar 2008-nji ýylda, möhletden iki ýyl ir geçirilipdi. Şonda muňa korrupsiýa bilen bagly aýyplamalar sebäp bolupdy.

Şu ýylyň maý aýynda Ukrainanyň Konstitusion sudy saýlawlary 2015-nji ýylda geçirmek barada karar çykardy. Duşenbe güni ýüzlerçe aktiwist Kiýewiň Kreşatik köçesinde jemlenip, şäher geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegine protest bildirdi.
XS
SM
MD
LG