Sepleriň elýeterliligi

Sud Mubaragy boşatmagy karar etdi


Egypt -- Former President Hosni Mubarak waves to his supporters inside a cage in a courtroom at the police academy in Cairo, April 13, 2013

Egypt -- Former President Hosni Mubarak waves to his supporters inside a cage in a courtroom at the police academy in Cairo, April 13, 2013

Müsüriň döwlet telewideniýesi Kairiň sudunyň ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaragyň şertli boşadylmagyny karar edendigini habar berdi. Emma Mubaragyň haçan boşadyljagy entek anyk belli däl.

“Reuter” agentliginiň habaryna görä, Mubaragyň işine garan sudýa Ahmed El-Bahrawi iş boýunça “gutarnykly karara gelnendigini we oňa gaýtadan garap bolmajagyny” yglan edipdir.

Mubaraga garşy bu sud işi onuň döwletiň gözegçiligindäki media kompaniýasyndan sowgat almakda aýyplanmagy bilen baglylykda gozgalypdy.

Puly yzyna gaýtardy

Suduň çarşenbe güni yglan edilen kararynyň öňüsyrasynda Mubaragyň aklawçysy Fareed El-Deeb öz müşderisiniň boşadylmagyny talap etdi we öz talabyny Mubaragyň ozal alan 600 000 dollar möçberindäki puluny yzyna eýýäm yzyna gaýtarandygy bilen delillendiripdi.

Sud şu ýylyň aprel aýyndan bäri Mubaraga garşy gozgalan ýene üç sany iş boýunça ozal öz kararlaryny yglan edipdi we ony şertli boşatmak barada höküm çykarypdy. Şol sud işleri korrupsiýa bilen bagly aýyplamalar we Mubaragyň 2011-nji ýylyň fewral aýynda bolan protestlerde protestçileri oka tutmaga tabşyryk berendigi barada aýyplamalar esasynda gozgalypdy.

85 ýaşly Mubarak 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri tussag astynda saklanýar. Ol häzirki wagtda Kairiň daşynda ýerleşýän Tora türmesinde galýar.

Adatdan daşary ýagdaý

Häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň “Musulman doganlar” atly hereketiniň baş ýolbaşçylary hem şol türmede saklanýarlar. Olar Morsiniň 3-nji iýulda harbylar tarapyndan wezipeden çetleşdirileninden soň tussag edilipdi.

Müsürde wagtlaýyň hökümetiň Morsiniň “Musulman doganlar” hereketiniň geçirýän protestlerine basyşlary bilen bagly dowam edýän gandöküşiklik zerarly ýurtda adatdan daşary ýagdaý girizildi.

Müsürde 2011-nji ýylyň fewral aýynda 18 günläp dowam eden we prezident Hosni Mubaragy häkimiýet başyndan çetleşdiren döwlet agdarylyşygynda 840-dan gowrak adam häläk bolup, müňlerçe adam hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG